Milli oýunlar boýunça ýaryş

3 Iýul 2024
262

Gökdere jülgesindäki «Bagtyýar nesiller» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde sportuň türkmen milli oýunlary boýunça ýaryş geçirildi. Ony «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşi bilelikde gurady.

Möwsümiň ikinji tapgyrynda merkezde wagtyny ruhubelentlikde geçirýän bagtyýar çagalar ýaryşa höwesli gatnaşmak bilen, türkmen milli oýunlarynyň tanap çekmek, ýaglyga towusmak görnüşleri boýunça ukyp-başarnygyny görkezdiler. Çagalaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegini gazanmak we türkmen milli oýunlaryna bolan höwesini ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilen ýaryş örän gyzykly boldy. Uly gyzyklanma eýe bolan ýaryşyň netijesinde tanap çekmekde «Bagtyýar nesil» topary, ýaglyga towusmakda «Gökdere» topary üstün çykdy. Ýaryşyň ýeňijileri guramaçylar tarapyndan sylaglandy.

Wepa ANNABERDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar