Meýdanda taryha mertlik ýazylýar

28 Iýun 2024
234

Dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň öňüne geç­jek baş­ga bir za­dy göz öňü­ne ge­tir­mek kyn. Sä­her bilen sag-aman maş­ga­laň ara­syn­dan örüp, öýüň tö­rü­ni nur­lan­dy­ran Güne sa­lam be­rä­gede, işe sa­ry ýo­la düş­mek­den uly bagt bar­my, eý­se?! Milli Liderimiziň «Ýa­şa­syn pa­ra­hat dur­muş!» di­ýen goşgu­syn­da­ky: «Ýa­rag­laň se­si, sem bo­luň!», «Mil­li­on­lar­ça yk­ba­la // Gy­ýa ga­ra­mak bol­ma­ýar», «Halk­lar – bir je­bis maş­gala. // Ýa­şa­syn pa­ra­hat dur­muş!» di­ýen fi­lo­so­fik se­tir­le­ri­niň çuň­lu­gyn­da ýa­tan yn­san­per­wer­lik, pa­ra­hatsö­ýü­ji­lik bü­tin dün­ýä­ni bir bi­te­wü­li­ge, je­bis­li­ge ça­gy­ryş bo­lup ýaň­lan­ýar.

Türk­me­nis­tan Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ry için­de pa­ra­hat­çy­lyk tag­ly­ma­ty­ny oňyn sy­ýa­sa­ty­nyň baý­da­gy­na öw­ren döwlet hök­mün­de dün­ýä­niň yk­ra­ry­na eýe boldy. Türk­me­n halky pe­der­le­riň pe­na­lap ge­len top­ra­gyn­da bir ber­ka­rar döw­let gur­dy. Mu­nuň şeý­le bol­ma­gyn­da «basan ýe­rin­den ot syç­ra­ýar» diý­di­ren, Görog­ly gaý­rat­ly ger­çek­le­ri­mi­ziň yh­la­sy bar. «Är ýi­git­den är dö­rär» diý­len na­kylyň ma­ny­sy, gi­je-gün­diz diý­män, so­wuk ys­sy diý­män as­ma­ny­my­zyň asu­da­ly­gyny, ze­mi­ni­mi­ziň para­hat­ly­gy­ny üp­jün ed­ýän mer­da­na Wa­tan go­rag­çy­la­ry­myza se­re­de­niň­de, has aýdyň du­ýul­ýar. Ola­ryň kal­byn­da bir dü­şün­je bar: Wa­tan. Ola­ryň kal­byn­da bir söýgi bar: Wa­tan. Çün­ki gan bi­len gi­ren di­ňe jan bi­len çykýar. Asyr­la­ryň dowamyn­da ar­ka­ma-arka, ne­sil­me-ne­sil ge­çip gel­ýän bu wa­tançy­lyk duý­gu­sy ýe­ne en­çe­me asyr­la­ryň jüm­müşin­de do­wa­mat-do­wam bo­lar.

Döwran BERDIÝEW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Milli goşun» žurnalynyň redaksiýasynyň jogapkär kätibi, maýor.
Beýleki habarlar