Notr-Dam binasy Parižde guraljak Olimpiýa oýunlaryna çenli doly dikeldilip ýetişmez. Ýöne Fransiýanyň häkimiýetleri ybadathananyň dekabr aýynda täzeden açyljakdygyny habar berdiler. Bäş ýyl ozal Fransiýanyň paýtagtynyň esasy nyşanlaryndan biri bolan Notr-Damda güýçli ýangyn döräp, onuň agaç üçegini, sagadyny we gümmezini doly ýok edipdi.
Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron ybadathananyň bellenen möhletde dikeldiljekdigini aýtdy. Fransuz häkimiýetleri Notr-Damyň abatlaýyş işleriniň bäş ýylyň içinde tamamlanjakdygyny belläpdiler. Bilermenler 2019-njy ýylyň 15-nji aprelinde ybadathanada dörän ýangynyň sebäplerini gözleýärler. Ýakyn günlerde bilermenleriň täze netijeleri hödürlener.