Tebipçiligiň ygtybarly ýankitaby

26 Iýun 2024
269

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen, taryhda yz galdyran alymlarymyzy öwrenmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Şol beýik şahslaryň biri hem Gündogaryň tebipçilik ylmynda uly özgerişler eden, ensiklopedik sowatly alym Seýit Ysmaýyl Jürjanydyr. Lukman alym ylma, medeniýete uly sarpa goýan Horezmşalaryň köşk tebibi bolupdyr. Ýaşan döwründen bäri müň ýyl töweregi wagt geçse-de, lukmanyň «Tebipçiligiň ýankitaby» atly kitaby Abu Aly ibn Sinanyň «Lukmançylyk ylmynyň kanunlaryndan» soň ikinji kitap bolup, ol dogrudan hem ähli döwürlerde tebipleriň ýankitabyna öwrülipdir. Alymyň bu kitabynda iki ýüze golaý keseliň alamatlary we olaryň dürli emler bilen bejerilişi görkezilipdir.

Alymyň bu kitapda ýazanlary şu günki düşünjelere gabat gelýär.

Parahat KLYÇEW,
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölüminiň hünärmeni.
Beýleki habarlar