Ruhubelentlige beslenýär

26 Iýun 2024
260

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde dabaraly bellenilýän toý-baýramlar halkymyza uly ruhubelentlik paýlaýar. Şeýle asuda, parahat, ösüşli ýurdumyzda türkmeniň toýlary goşa-goşadan gelýär. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni hem şatlyk-şowhuna beslenýär. Bu goşa baýram halkymyzyň, aýratynam, medeniýet, sungat hem-de döredijilik işgärleriniň ruhuny belende göterýär.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Medeniýet hepdeliginiň Arkadag şäherinde geçirilmegi aýratyn bellärliklidir. Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar ak bagtyň şäheri hasaplanylýan Arkadag şäherine myhman bolup, toý sowgatlary bilen baýramçylyk dabaralaryna joşgun paýlaýarlar. Her ýylda däp bolşy ýaly, bu gezekki Medeniýet hepdeligi hem döredijilik işgärlerine tejribe we pikir alyşmaga, halypa-şägirtlik ýoluny hem-de birek-birek bilen dostlukly gatnaşyklary giňeltmäge uly itergi berer.

Beýleki habarlar