Türkmenistan Hytaýa tebigy gazy ugratmakda öňdebaryjylygy eýeleýär

23 Iýun 2024
391

Türkmenistan Hytaýa turba geçiriji arkaly tebigy gazy ugratmakda öňdebaryjylygy eýeleýär. Bu barada Hytaýyň Baş gümrük müdirligine salgylanyp, TASS habarlar gullugy penşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Hytaý şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda umumy bahasy 4 milliard amerikan dollaryna barabar bolan türkmen gazyny import etdi.

Beýleki habarlar