Dünýädäki iň çuň howuz açyldy

23 Iýun 2024
243

Özüniň gatýalanmajak binagärlik täsinlikleri bilen meşhur bolan Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde ýene bir adaty bolmadyk desga guruldy. Has takygy, Dubaýda dünýädäki iň çuň howuz gurlup ulanylmaga berildi. Ol adamda edil suwuň astynda galan şähere düşen ýaly duýgulary oýarýar.

Howzuň çuňlugy 65 metre barabar bolup, göwrümi 15 million litr suwa deňdir. Howuz açylan badyna dünýädäki iň çuň howuz hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyndan orun aldy.

Taýýarlan: Erkin BÄŞIMOW, TDBGI-niň talyby.
Beýleki habarlar