Köňülleriň şahyry

19 Iýun 2024
593

Golaýda paýtagtymyzyň Magtymguly şaýolunyň ugrundaky Magtymguly Pyragynyň seýilgähinde Aşgabat şäher häkimliginiň, şeýle hem Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda «Magtymguly Pyragy — köňülleriň şahyry» atly ýazyjy-şahyrlarymyzyň döredijilik duşuşygy geçirildi. Dabara bagşy-sazandalar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem gatnaşdylar.

Gündogaryň beýik danasy, türkmeniň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragy çuň parasatly döredijiligi bilen türkmen halkynyň şan-şöhratyny dabaralandyran akyldardyr. Şahyr edebi mirasy bilen dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna uly goşant goşan beýik şahsyýetdir. Magtymguly Pyragy diňe bir Gündogar edebiýatynyň däl, eýsem, dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren beýik akyldardyr. Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň halkyna miras goýan umumadamzat ähmiýetli ruhy hazynasy milli medeniýetimiziň nury bolup şugla saçýar.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar