Kalby joşgunly, ylhamy daşgynly

19 Iýun 2024
288

Şahyr Öwez Gurbanýazow bilen tanyşlygymyz geçen asyryň 70-nji ýyllarynyň ahyryndan, has takygy, 1979-njy ýyldan gaýdýar. Orta mekdebi tamamlap, etrap «Dostluk» gazetiniň redaksiýasyna işe geldim. Şonda redaktor Täjibaý Jumanyýazow meni işgärler bilen tanyşdyrdy. Ortadan uzyn boýly, daýanykly, bugdaýreňk, agras ýüzli ýigidiň ýanyna baranymyzda:

— Öwez-ä özüňem tanaýansyň. Senem ýazyp-pozup ýörsüň-ä — diýip, mylaýym ýylgyrdy.

Nurguly ÝAGMYROW,
Darganata etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar