Gün şöhlesiniň täsirinden goranyň!

19 Iýun 2024
429

Günüň ýagty şöhlesi tebigatyň bize eçilen eşretleriniň biridir. Gün şöhlesi janly-jandar üçin egsilmez güýç we bereket çeşmesidir.

Tebigatyň kanuny bizi gurşaýan zatlaryň ählisine deň täsir edýär. Şonuň üçin paslyň aýratynlyklaryna laýyklykda, Gün şöhlesinden dogry peýdalanmagymyz hem-de goranmagymyz zerurdyr. Munuň üçin islendik adam arassa howada gezelenç etjek mahaly irden sagat 09:00-dan — 11:00 aralygynda, öýlän 18:00-dan soň, özi-de pasla görä geýnip daşaryk çykmalydyr. Şeýle ýagdaýda kabul edilen şöhle bedenimiziň goraglylygyny güýçlendirýär, gan aýlanyşygyny gowulandyryp, oňaýly täsir edýär.

Maýagözel NURJYKOWA,
Aşgabat şäheriniň 6-njy saglyk öýüniň baş lukmany.
Beýleki habarlar