Ýollaryň asudalygy — durmuşyň goraglylygy

18 Iýun 2024
259

Tomsuň sapaly günlerinde güneşli Diýarymyzda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi ýakymly we ýatda galyjy pursatlara beslenip dowam edýär. Ýurdumyzyň ähli ýerlerindäki çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezleri ruhubelent çagalara şatlykly pursatlary eçilýär. Merkezlerde dynç alýan bagtyýar çagalaryň arasynda geçirilýän dürli medeni çäreler, döredijilik bäsleşikleridir duşuşyklar giň gerime eýe bolýar.

Çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde ýaş nesliň wagtyny gyzykly we peýdaly geçirmekleri üçin ähli zerur şertler döredilendir. Merkezlerde oýun oýnamak, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin meýdançalar, aýdym-saz otaglary, kitaphanalar bar, döredijilik gurnaklary hereket edýär.

Ýalkap HUDAÝBERDIÝEW,
Gökdepe etrap Polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçilik bölümçesiniň wagyz-nesihat işleri boýunça gözegçisi, polisiýanyň uly leýtenanty.
Beýleki habarlar