Baýramçylyk dabarasy

17 Iýun 2024
357

Kalplary tutuşlygyna ruhy joşguna beslenen ildeşlerimiz Gurban baýramynyň ikinji gününde «Türkmeniň ak öýi» binasynyň deňindäki hiňňilliklerde guralan medeni-dynç alyş çäresine ýokary ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Baýramçylyk çäresinde bagşy-sazandalaryň çykyşlaryna giň orun berildi. Sahnada ajaýyp döwrümizi, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň beýik tutumly işlerini, Gurban baýramyny, milli däp-dessurlarymyzy wasp edýän göçgünli aýdymlaryň ruhy lezzetine beslenip hiňňillikde uçýan ýaşlaryň bagtyýarlygy döwre, durmuşa hoşallygyň, şükranalygyň beýany boldy.

Ildeşlerimize üç günläp dowam edýän baýramçylyk günlerinde medeniýetli dynç almak üçin guralan şeýle ajaýyp dabaralar ýatda galyjy pursatlara öwrüldi hem-de bagtyýar halkymyzy täze maksatly işlere ruhlandyrdy.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar