Agzybirlik, sahawatlylyk, ynsanperwerlik

17 Iýun 2024
355

Günsaýyn gülleýän Diýarymyzda milli däp-dessurlarymyz berjaý edilip, toý-baýramlarymyz uludan tutulýar. Şu günler ýurdumyzda giňden bellenilýän Gurban baýramynyň jemgyýetimizi medeni-ruhy taýdan kämilleşdirmekde, agzybirligimizi we jebisligimizi pugtalandyrmakda örän uly ähmiýeti bar. Halkymyz her bir ynsany sogap işlere, ynsanperwerlige ruhlandyrýan bu baýrama aýratyn sarpa goýýar. Türkmen halkynyň yslamyň gymmatlyklaryny özüniň ruhy baýlyklary bilen utgaşdyryp, asylly däplerini nesillere miras goýmak ýörelgesi Gurban baýramynyň bellenilýän günlerinde has-da aýdyň görünýär. Bu baýramda halkymyzyň ynsanperwerlik, ruhy päklik, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege sylag-hormat goýmak ýaly asylly ýörelgeleri doly ýüze çykýar.

Gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan Gurban baýramynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyndaky dabaralary kalbymyza egsilmez şatlyk paýlaýar. Asylly däbe eýerip, Gurban baýramynyň bellenilýän günlerinde ildeşlerimiz öz dogan-garyndaşlarynyň, goňşy-golamlarynyň, dost-ýarlarynyň ojagyna myhmançylyga barýarlar, baýramçylyk mynasybetli taýýarlanan nygmatlardan iýip-içip, ýagşy doga-dilegleri edýärler. Baýram günlerinde hiňňildik uçmak şadyýanlygy, ruhubelentligi döredýär. Hiňňildik uçulýan ýerlerde joşgunly aýdym-sazlar belentden ýaňlanýar. Munuň özi adamlara ruhubelentlik paýlaýar, olaryň agzybirligini berkidýär.

Muhammetnur ÝAZGELDIÝEW,
«Watan».
Beýleki habarlar