Hoşniýetli hyzmatdaşlyk ösdürilýär

16 Iýun 2024
649

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu günki gün eziz Watanymyz belent üstünlikleri nazarlap, ösüşleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Milli bilim ulgamynda gazanylýan ýokary netijeler ähli halkymyzy, aýratyn hem bizi — bilim işgärlerini çäksiz buýsandyrýar, guwandyrýar. Bilim ulgamynyň maddy-üpjünçilik binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, innowasion tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň soňky gazananlary ornaşdyrylýar, bilim berlişiniň hili, okatmagyň usullary döwrüň talaplaryna laýyklykda ýylsaýyn kämilleşdirilýär.

Türkmenistan daşary syýasat işinde dünýäniň ähli döwletleri bilen özara bähbitli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ilerledilmegine möhüm ähmiýet berýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde ylym-bilim ugrundan hem hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Türkmenistan köpugurly diplomatiýanyň netijeli gurallaryny ulanmak bilen, durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmek boýunça zerur tagallalary edýär. Şunuň bilen birlikde, energiýa howpsuzlygy, durnukly ulag ulgamy, howanyň üýtgemegi we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň tagallalary dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalary tarapyndan giňden goldanylýar.

Arslan AGAÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar