«7/24. tm» №25 (212), 17.06.2024
Biziň ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň ýokary gymmatlygy adamdyr. Adamlaryň saglygyny goramak bolsa döwletimiziň baş aladasy. Bu hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän parasatly döwlet syýasatynyň özenini düzýän baş ugurdyr. Ynsan üçin saglykdan uly baýlyk ýokdur. Döwlet üçin raýatlaryň jan saglygy iň uly baýlyk. Häzirki wagtda biziň ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgäniň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde, saglygy goraýyş ulgamynda uly öňegidişlikler gazanylýar.