Dostlukly Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň Türkmenistana ilkinji sapary iki halkyň we döwletiň taryhynda möhüm waka bolup durýar. Çünki saparyň çäklerinde möhüm ylalaşyklaryň ençemesi gazanylyp, 11-nji iýunda paýtagtymyz Aşgabatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşygy boldy. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz we myhman işewürlik maslahatyna gatnaşdylar.
AŞGABATDA GAZANYLAN YLALAŞYKLAR GELJEGI NAZARLAÝAR