Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar il-ulsumyz ýurdumyzda toýlanýan şanly seneleriň, baýramlaryň dabarasyny uludan tutýar. Munuň şeýledigini şatlyk-şowhuna beslenip bellenilýän Gurban baýramy aýdyňlygy bilen görkezýär. Ýakyn günlerde halkymyz Gurban baýramyny agzybirlikde, ruhubelentlikde bellär. Gurbanlyk bagtyýar halkyň agzybirligini, jebisligini, azat, erkana durmuşyny, ynsana goýulýan belent sarpany aňladýar. Şeýle-de, Gurban baýramy adamlaryň ýüreginde birek-birege mähremlige, dost-doganlyga bolan duýgyny berkidýär.
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, umumadamzat medeni ösüşinde aýratyn orny eýeleýän Gurban baýramy Gündogar halklary bilen birlikde türkmen halkynyň hem asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere dowam edip gelýän belent ahlak gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny, ynanç-adatlaryny özünde jemleýär, parahatçylygy, dostlugy we ynsanperwerligi dabaralandyrýar.