Demokratiýa dabaralanýar

12 Iýun 2024
319

Ýakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine şu ýylyň 7-nji iýulynda geçiriljek saýlawlara taýýarlyk işleriniň çäklerinde, saýlaw çäreleriniň tassyklanylan meýilnamasyna laýyklykda, Merkezi saýlaw toparynyň hünärmenleri tarapyndan Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglarynyň çäklerinde hereket edýän uçastok saýlaw toparlarynyň agzalary bilen okuw maslahatlary geçirildi. Okuw maslahatyna milli synçylar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem gatnaşdylar.

Maslahatyň barşynda ýurdumyzda saýlaw ulgamyny döwrebap derejede kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işler, şeýle-de öňde boljak saýlawlary geçirmegiň tertibi, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine girizilen üýtgetmeler hem-de goşmaçalar bilen tanyşdyryldy.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar