Türkmenistan we Hindistan Respublikasy deňiz ulag pudagynda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

12 Iýun 2024
329

2024-nji ýylyň 11-nji iýunynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň edara binasynda Agentligiň ýolbaşçylarynyň hem-de Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar deňiz ulaglary pudagynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyny, şeýle hem, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen ýükleri üstaşyr geçirmegiň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem, duşuşygyň dowamynda Türkmenbaşy Halkara deňiz porty ýükleri üstaşyr geçirmekde Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesinde möhüm orny eýeleýändigi bellenildi.

Beýleki habarlar