Düýn Änew şäherindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýinde Ylymlar güni mynasybetli baýramçylyk maslahaty geçirildi. Welaýat häkimligi, Baş bilim müdirligi hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guralan maslahata edara-kärhanalaryň işgärleri hem-de ýaşlar gatnaşdy.
Maslahata gatnaşyjylar muzeýe aýlanyp, ol ýerdäki sergilenen gymmatlyklar bilen tanyşdylar. Bu gymmatlyklar türkmen topragynyň baý taryhynyň özboluşly beýany bolup durýar.