Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

9 Iýun 2024
190

Ýakynda Daşoguz şäherinde Daşoguz welaýat Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň müdiriýetiniň mejlisler zalynda hormatly Prezidentimiz tarapyndan «Türkmenistanda korrupsiýa garşy göreşmek hakyndaky Döwlet maksatnamasyny» ýerine ýetirmek, döwlet gullukçysynyň etikasyny we özüni alyp barşynyň düzgün-kadalaryny, sagdyn durmuş ýörelgesini, temmäkä garşy göreşmek, ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmek boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle-de «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny, Magtymguly Pyragynyň eserlerini söwda toplumynda zähmet çekýän işgärleriň arasynda düşündirmek, wagyz-nesihat etmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Maslahatda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwlet hökmünde ýeten belent sepgitleri, halkara abraýy, korrupsiýa garşy göreşmek, bagtyýar hem-de rowaç durmuşyň bähbidine gönükdirilen Milli maksatnamalaryň we meýilnamalaryň durmuşa geçirilişi dogrusynda pikir alşyldy.

Gurbanmämmet REJEPOW,
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň ilkinji demokratik partiýa guramasynyň başlygy, ykdysady ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar