Türkmenistanyň Medeniýet günleri meýilleşdirilýär

10 Iýun 2024
393

Türkmenistan Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan doganlyk halklar bilen medeni hyzmatdaşlyk babatda özüniň ynsanperwer garaýyşlaryny dünýä mälim edýär. Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň arasynda Medeniýet günleriniň yzygider geçirilip durulmagy halklaryň ysnyşykly gatnaşyklaryny has-da berkidýär.

Şu ýylyň iýun aýynyň 12 — 14-i aralygynda Ýaponiýada Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ýyl-ýyldan has ysnyşykly häsiýete eýe bolýandygyna şaýatlyk edýän wakalaryň biridir. Ony Türkmenistanyň Tokiodaky Ilçihanasynyň hem-de Daşary işler ministrliginiň ýakyndan ýardam bermeginde Ýaponiýanyň medeniýet we beýleki degişli ulgamlary Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde guraýarlar.

Ene MÄMMEDOWA,
Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar