Lukmançylyk klasteri — Arkadag şäheriniň innowasion ösüş merkezi

10 Iýun 2024
519

Geçen şenbede türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde önümçilik kuwwatlyklarynyň gurluşygy bilen baglanyşykly işler bilen tanyşdy hem-de täze şäherde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda döwlet ähmiýetli şäheriň ikinji tapgyrynda senagat önümçiliklerini ýola goýmak, lukmançylyk klasterini döretmek boýunça alnyp barylýan işlere hem seredildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli baştutanlygynda täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen önümçilik toplumlarynda öndüriljek serişdeleriň ýokary halkara görkezijilere, häzirki zamanyň ekologik talaplaryna doly laýyk gelmegine, önümçilikde döwrebap usullaryň, täzeçil tehnologiýalaryň ulanylmagyna, dünýäniň ösen tejribesiniň öwrenilmegine we ornaşdyrylmagyna uly üns berilýär. Gazetimiziň habarçysy şular hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi ORAZOW bilen söhbetdeş boldy.

«TÜRKMENISTAN»
Beýleki habarlar