Hünär derejesini ýokarlandyrmaga itergi beren mejlis

10 Iýun 2024
243

Türkmen döwlet Neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebinde Arkadag, Aşgabat şäherleriniň we Ahal welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda döredilen okuw-usuly geňeşiniň 7-nji maslahaty geçirildi. Oňa orta hünär okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, mugallymlarydyr talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Aýdym-sazly çykyşlar bilen dabaraly ýagdaýda açylan maslahat orta hünär okuw mekdebine degişli guralan sergi bilen utgaşdy.   

Batyr KULIÝEW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar