Çagalar sapaly dynç alýarlar

9 Iýun 2024
414

Ata Watanymyzda ýaş nesillerimiziň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary, dünýäniň ösen tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan umumybilim berýän mekdeplerde döwrebap bilim-terbiýe almaklary, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary, göwnejaý dynç almaklary, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, zähmetsöýer bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilen. Häzirki wagtda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär.

Şu günler körpe nesillerimiz Gökderede, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, welaýatlarda hereket edýän döwrebap dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dynç alýarlar we saglyklaryny berkidýärler. Dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dynç alýan çagalar eziz Diýarymyzyň ajaýyp ýerlerine gezelenç edýärler, dürli ýaryşlara, döredijilik we zehin bäsleşiklerine höwesli gatnaşýarlar hem-de olar wagtlaryny gyzykly geçirýärler. Şeýle hem Gündogaryň beýik söz ussady we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli yglan edilen hepdeligiň çäklerinde bu ýerde dabaralar yzygiderli geçirilýär.

Gülsoltan ANNAGULYÝEWA,
«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar