Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalara şatlyk paýlaýar
Bilşimiz ýaly, çagalaryň ýatdan çykmajak pursatlara beslenen tomusky dynç alyş möwsümi başlandy. Çagalar üçin niýetlenen dynç alyş meýilnamalarynda paýtagtymyzyň, welaýatlaryň ajaýyp künjeklerine, taryhy-medeni ýadygärliklere, muzeýlere, seýilgählere gezelençleriň guralmagy göz öňünde tutulýar. Paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda gurlup ulanmaga berilýän döwrebap çagalar baglarynyň, mekdepleriň, sport, sagaldyş, medeni dynç alyş merkezleriniň sany ýylsaýyn artýar. Şeýle ýerleriň biri hem paýtagtymyz Aşgabadyň gözel künjeginde ýerleşýän «Ertekiler dünýäsi» medeni dynç alyş merkezidir. Bu ýerde ýaş nesliň wagtyny gyzykly we peýdaly geçirmegi üçin ähli zerur şertler döredilendir. Merkeziň hünärmenleri çagalaryň tomusky dynç alşyny guramaga hemmetaraplaýyn taýýarlyk gördüler. Olar ýörite medeni-dynç alyş maksatnamasyny işläp taýýarladylar. Bilelikdäki tagallalar esasynda medeni dynç alyş merkezinde her ýyl tomus möwsüminde dürli ýaşly çagalara niýetlenen köp sanly çäreler guralýar.