«Ýaşyl» geljege gönükdirilen hyzmatdaşlyk

7 Iýun 2024
241

5-nji iýunda paýtagtymyzdaky «Arçabil» myhmanhanasynda «Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähetleri» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ol «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan guraldy.

Fo­ru­ma pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, da­şa­ry ýurt­la­ryň we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň Türk­me­nis­tan­da­ky dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, ne­bit­gaz ugur­ly işe­wür dü­züm­le­ri­niň, ma­li­ýe ins­ti­tut­la­ry­nyň hü­när­men­le­ri, bu ul­gam­da iş­le­ýän kom­pa­ni­ýa­la­ryň bi­ler­men­le­ri, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri, da­şa­ry ýurt­ly myh­man­lar we beý­le­ki­ler gat­naş­dy­lar. Şu ge­zek­ki mas­la­hat bu ul­gam­da iş­le­ýän dür­li mil­li hem-de da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň we­kil­le­ri­ni bir ýe­re jem­le­di. Olar hal­ka­ra, se­bit we ýurt de­re­je­sin­dä­ki ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň gel­je­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly stra­te­gi­ýa­ny iş­läp düz­mek me­se­le­si bo­ýun­ça çy­kyş et­di­ler. Şeý­le hem dün­ýä­niň ne­bit ba­za­ryn­da­ky iş­le­riň ýag­da­ýy, bu ugur­da­ky mar­ke­ting stra­te­gi­ýa­la­ry ba­ra­da­ky sel­jer­me-syn mag­lu­mat­la­ry bi­len ta­nyş­dyr­dy­lar, top­lan tej­ri­be­le­ri­ni, tä­ze iş­läp taý­ýar­la­ma­la­ry paý­laş­dy­lar. Mas­la­ha­tyň mak­sa­dy Türk­me­nis­ta­nyň daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­ga hem-de iri ener­ge­ti­ka kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň, yl­my jem­gy­ýet­le­riň we ma­li­ýe ins­ti­tut­la­ry­nyň ara­syn­da «ýa­şyl» gel­je­ge gö­nük­di­ri­len hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak­dan yba­rat­dyr.

Beýleki habarlar