Ýaş, meşhur aktrisa

6 Iýun 2024
886

Ýaşlygyna garamazdan, gözelligi we zehini bilen köpleriň ünsüni özüne çeken Afra Saraçogly 1997-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Stambul şäherinde dünýä inýär. Afra Saraçogly orta bilimi Antalýa şäherinde alyp, okuwyny Osmangazy uniwersitetinde dowam etdirýär. Onuň ejesi Lütfiýe Saraçoglynyň Afranyň suratlaryny meşhur kinorežissýor Özjan Deňize ugratmagy netijesinde Afra 2016-njy ýylda uniwersitetde okaýan döwründe «Ikinji mümkinçilik» atly filmde ilkinji keşbini janlandyryp, sungat älemine gadam basýar. Kino sungatyna bolan höwesi, şeýle hem tutanýerliligi we erjelligi bilen tanalan Afra 2017-nji ýylda «Fazylet hanym we gyzlary» serialynda Ejäniň keşbini janlandyryp, ähli kinosöýüjiler tarapyndan gyzgyn garşylanýar.

Sungat dünýäsiniň ýaş we zehinli aktrisalarynyň arasynda ilkinji hatarda durmagy başaran Afra Saraçogly gysga wagtyň içinde üstünligiň basgançaklaryna örän çaltlyk bilen çykmagy başarýar. Ol 2017-2018-nji ýyllarda «Erbet çaga», «Gowy oýun», «Bu söýgümi?» atly seriallarda baş keşpleri ussatlyk bilen janlandyrýar. Bu keşpleriň üsti bilen Afra diňe bir Türkiýäniň çäginde däl, eýsem, dünýä ýüzünde özüni tanatmagy we meşhurlyk gazanmagy başarýar. Sungata ymykly girişen Afra 2019-2020-nji ýyllarda «Doganlaryň çagalary», «Mugallym» seriallarynda baş gahrymanyň keşbini janlandyrýar. Ýerine ýetirýän keşpleriniň üsti bilen has-da kämilleşen Afra 2022-nji ýyldan bäri surata düşürilip, ýaýlyma goýberilýän «Deňiz kenarynyň jalaýy» (Yalı çapkını) serialynda baş gahryman Seýranyň keşbini janlandyryp gelýär. Ähli kinosöýüjiler tarapyndan söýlüp tomaşa edilýän bu film gysga wagtyň içinde meşhurlyk gazanyp, ýokary reýting derejesine eýe bolmagy başardy. Bu filmiň üsti bilen Afra muşdaklarynyň gyzgyn söýgüsine we goldawyna mynasyp boldy. Armazak we erjelligi bilen tapawutlanýan Afranyň ylham çeşmesi ejesi Lütfiýe Saraçoglydyr. Ol gyzy Afra Saraçoglynyň filmlerde janlandyrýan keşbini görende, özüniň hem aglaýandygyny gürrüň berýär. Ol gyzyny diňe sungatda däl, eýsem, durmuşyň ähli pursatlarynda ýakyn syrdaşy bolup goldaýar.

Nurgözel ÝAZBERDIÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar