Eserler we asyrlar

6 Iýun 2024
285

Türkmen Magtymguly Pyragyny milli şahyry hasaplaýar. Edil şonuň ýaly, onuň keşbini döreden suratkeş hem hergiz hakydasynda. Akyldar şahyr hakda söz açylan ýerde Aýhan Hajyýew hem ýatlanylýar. Suratkeş külli türkmen üçin uly iş bitirenleriň biri. Nakgaşlykdaky nusgawy eserleri türkmen şekillendiriş sungatyndan başlap, teatrda, kinoda keşp döredenlere çenli nusga boldy. Güýji-täsiri ençeme eserleriň döremegine getirdi. Heýkeltaraşlar düýpli-düýpli heýkelleri döretdiler. Saragt Babaýew Magtymgulynyň heýkelini ýasanynda her gezek kanoniki keşbi nusga edinýändigini aýdýar. Köpetdagyň etegindäki Magtymgulynyň äpet ýadygärligini göreniňde-de, ýene Aýhan Hajyýewiň abyrsyz uly işleri hakyda dolýar.

Bir ömre ýeterlik iş

Guwanç MÄMIÝEW,
«Arkadag» gazetiniň baş redaktory.
Beýleki habarlar