«Ýigidiň dünýäde üçdür myrady»

6 Iýun 2024
297

Hal­ky­my­zyň baý ede­bi mi­ra­sy hä­zir­ki wagt­da giň­den öw­re­nil­ýär we oky­jy­lar köp­çü­li­gi­ne ýe­ti­ril­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýö­ri­te Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, 2024-nji ýyl­da Gün­do­ga­ryň be­ýik akyl­da­ry we nus­ga­wy şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­ny bel­le­mek bi­len bag­ly ge­çi­ril­ýän da­ba­ra­lar­dyr ede­bi du­şu­şyk­lar giň ge­ri­me eýe bol­ýar. Hä­zir­ki wagt­da toý­la­ry toý­la­ra ulaş­ýan Wa­ta­ny­myz­da we da­şa­ry ýurt­lar­da be­ýik söz us­sa­dy­nyň adam­za­dyň ru­hy me­de­ni­ýe­ti­niň ha­zy­na­sy­na gi­ren hem-de ýaş­lar­da ýo­ka­ry ah­lak­ly­lyk, yn­san­per­wer­lik, wa­tan­çy­lyk duý­gu­la­ry­ny ter­bi­ýe­le­me­giň mil­li mek­de­bi­niň bin­ýa­dy­ny eme­le ge­tir­ýän baý ede­bi mi­ra­sy­ny öw­ren­mek, bü­tin dün­ýä­de wa­gyz et­mek bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Şu ýy­lyň «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly di­ýlip yglan edilmegi hem ýaşlaryň wa­tan­çy­lyk ru­hu­ny be­len­de gö­ter­mä­ge, wa­tan­daş­la­ry­my­zy ýur­du­my­zy mun­dan beý­läk-de gül­le­dip ös­dür­mek­de uly üs­tün­lik­le­ri ga­zan­ma­ga ruh­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir.

Be­dew­le­ri­miz türk­me­niň mil­li buý­sanç­la­ry­nyň bi­ri­dir. Ol hak­da ede­bi mi­ra­sy­myz­da gym­mat­ly mag­lu­mat­lar be­ýan edi­lip­dir. Be­dew was­py Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gi­niň için­den hem eriş-ar­gaç bo­lup geç­ýär. Türk­men hal­ky­nyň dün­ýä be­ren gym­mat­lyk­la­ry­nyň ara­syn­da ahal­te­ke be­de­wi esa­sy or­ny eýe­le­ýär. Beý­le­ki gym­mat­lyk­lar türk­me­niň be­de­wi­niň be­ze­gi­ni ýe­ti­rip, ony has-da görk­len­dir­ýär. Ahal­te­ke at­çy­lyk sun­ga­ty we at­la­ry be­ze­mek däp­le­ri­niň ÝU­NES­KO-nyň Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­me­gi hem bu iş­le­riň hal­ka­ra de­re­je­sin­de yk­rar edil­me­gi­niň ýe­ne bir aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.

Ma­ral AK­MY­RA­DO­WA,
Aba An­na­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra at­çy­lyk aka­de­mi­ýa­sy­nyň ka­fed­ra mü­di­ri.
Beýleki habarlar