Şadyýan tomsuň şatlykly günleri

5 Iýun 2024
258

Geçen dynç güni Aşgabat şäher häkimliginiň «Mekan» köşgünde çagalary gojaman Köpetdagyň ajaýyp künjekleriniň biri bolan Gökderedäki çagalar sagaldyş merkezlerine ugratmak dabarasy geçirildi.

Ýaş nesillerimiziň sagdyn we milli ruhda terbiýelenmegi, medeniýetli dynç almaklary üçin guralýan bu dabara her ýylda geçirilýär. Şatlyk-şowhuna beslenen bu çärede joşgunly aýdymlar ýaňlandy hem-de çagalar toparynyň şadyýan sahna çykyşlary görkezildi. Soňra ýurdumyzyň welaýatlaryndan gelen hem-de paýtagtymyz Aşgabadyň mekdep okuwçylary bezelen awtobuslara münüp, Gökderä tarap ugradylar.

(Ýörite habarçymyz).
Beýleki habarlar