Golaýda sportuň hapkido görnüşi boýunça Türkmenistanyň kubogyny almak ugrunda ýaryş guraldy. Bäsleşige TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň harby talyplary hem gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Olardan Abdylla Nurgylyjow, Durmuş Berdimyradow, Musageldi Atamyradow, Ilaman Hapbaýew, Eziz Ýaýlymow degişli agramlarda çykyş edip, 1-nji orny eýelemegi başardylar. Harby talyplar Meýlis Guwanjow, Resul Gurbandurdyýew, Maksat Orazow öz agramlarynda 2-nji orny eýelediler. Yhlas Maksadow, Begnazar Öwlüýagulyýew, Perman Döwletmyradow, Mekan Nowruzow, Myrat Saryýew, Annanyýaz Barlyýew, Saparmyrat Şöhratgeldiýew, Begli Akmuhammedow, Myrat Myradow, Çerkez Çerkezow dagy dürli agramlarda çykyş edip, baýrakly 3-nji orny eýelemegi başardylar. Harby institutymyzyň topary uly ýaşly türgenleriň arasynda toparlaýyn 1-nji orna mynasyp bolup, Hormat hatlary we kubok bilen sylaglandy. Ýeňiji bolan türgenlere Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan Hormat hatlary, medallar we kuboklar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.