Galla oragyna taýýarlyk

4 Iýun 2024
446

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň hasyly üçin 26 müň gektarda däne ýetişdirýän Ak bugdaý etrabynyň ak ekin ussatlary häzirki günlerde tutanýerli zähmet çekmek bilen, galla oragyna ykjam taýýarlyk görýärler.

Galla oragynda etrabyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň ýokary tehnologiýaly däne orujy kombaýnlarynyň hyzmatyndan peýdalanylar. Häzirki wagtda kuwwatly kombaýnlar doly taýýarlyk hatarynda bolup, olar tejribeli mehanizatorlara berkidildi. Etrapda galla kabul ediş kärhananyň, tohumlyk bugdaý hasylynyň kabul ediljek ýerleriniň, hasyly daşajak awtoulaglaryň, şeýle-de elewatorlaryň taýýarlygyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Maşad MAŞADOW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Ak bugdaý etrap komitetiniň başlygy.
Beýleki habarlar