Çalsana, bagşy!

4 Iýun 2024
420

Ýakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäginde ýurdumyzyň dutarçy bagşy-sazandalarynyň arasynda yglan edilen «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry guramaçylykly geçirildi. Änew şäherindäki Medeniýet öýünde geçen bäsleşigiň nobatdaky tapgyryna gatnaşan bagşy-sazandalaryň zehin-başarnyklaryny, ussatlyklaryny görkezmegi üçin ähli şertler döredildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň baý geçmiş mirasyny, dutar ýasamak senetçiligini, dutarda ýerine ýetirijilik, bagşyçylyk sungatyny geljekki nesillere ýetirmek we dünýäde giňden wagyz etmek, halypa-şägirtlik däplerini pugtalandyrmak, şeýle-de täze zehinleri ýüze çykarmak babatdaky uly ähmiýete eýe bolan döredijilik bäsleşigi özboluşly sungat baýramçylygyna öwrüldi. Onuň barşynda bäsdeş bagşy-sazandalar türkmen halk aýdym-sazlaryny, mukamçy kompozitorlaryň döreden eserlerini ýerine ýetirmek boýunça başarnygyny aýan etdiler.

Şamuhammet ANNANYÝAZOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň işgäri. SURATLARDA: bäsleşikden pursatlar. Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.
Beýleki habarlar