«Samarkant — Buhara — Türkmenbaşy» awtomobil ýoly döwrebaplaşdyryldy

4 Iýun 2024
354

Özbegistan «Samarkant — Buhara — Türkmenbaşy» awtomobil ýolunyň öz çägindäki bölegini döwrebaplaşdyrdy. Has takygy, dört zolakdan ybarat bu ýol asfalt beton bilen örtüldi. Munuň özi onuň 20 ýyllap ýokary derejede saklanmagyna şert döreder. Bu barada Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň ýurduň ulag ulgamynyň ýolbaşçylary bilen geçiren iş mejlisine salgylanyp, «Uzdaily» habar berýär.

«Bu ýerde ugurdaş goşmaça ýol hem guruldy. Täze ýol belgileri, elektron displeýler we gün panelleri arkaly yşyklandyryş ulgamy gurnaldy. Ýoluň ugrunda bezeg agaçlary oturdylýar» diýlip, çeşmede bellenilýär.

Beýleki habarlar