«Türkmenhowaýollary» agentligi «Сargolux» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

4 Iýun 2024
372

Ýakynda Lýuksemburg Beýik Gersoglygynyň «Cargolux» kompaniýasynyň wise-prezidenti Maksim Ştraus bilen  «Türkmenhowaýollary» agentliginin arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda «Cargolux» kompaniýasy tarapyndan «Türkmenhowaýollary» agentligi bilen uzak möhletli, özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak boýunça pikir alşyldy. Şeýle-de agentlik üçin ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak maksady bilen, «Cargolux» kompaniýasynyň ýöriteleşdirilen okuw merkezlerinde ýörite okuwlary guramaklyk teklip edildi.

Beýleki habarlar