BMG: 2030-njy ýyla çenli ýeralma önümçiligi 750 million tonna ýeter

3 Iýun 2024
439

30-njy maýda dünýäde ilkinji gezek Halkara ýeralma güni bellenildi. Häzirki wagtda dünýä ilatynyň, takmynan, üçden iki bölegi esasy iýmit hökmünde ýeralmany gündelik sarp edýär. Birleşen Milletler Guramasy 2030-njy ýyla çenli dünýäde ýeralma önümçiliginiň 112 göterim ýokarlanyp, 750 million tonna ýetjekdigini çaklaýar.

Halkara ýeralma güni bu oba hojalyk ekiniň ýokumlylygy, daşky gurşawa peýdasy we medeni gymmaty barada habardarlygy ýokarlandyrmak maksady bilen, 2023-nji ýylyň dekabrynda döredildi.

Taýýarlan: Gurbanmyrat MÄMMEDOW, TDBGI-niň talyby.
Beýleki habarlar