Özbek-rus söwda dolanyşygy 30 milliard amerikan dollaryna ýetiriler

3 Iýun 2024
373

Özbegistan we Russiýa Federasiýasy özara söwda dolanyşygyny 30 milliard amerikan dollaryna ýetirmegi maksat edinýärler. Bu ugurda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Özbegistana amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde gepleşikler geçirildi. Degişli maksada ýetmek üçin ýakyn wagtda söwda şertnamalarynyň we ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilmegini aňsatlaşdyrjak Özbegistanyň Russiýadaky doly ygtyýarlyga eýe söwda wekilhanasy işe başlar.

Ýeri gelende bellesek, 2023-nji ýylyň jemlerine görä, özbek-rus söwda dolanyşygy 9,88 milliard amerikan dollaryna deň boldy. Şu ýylyň başyndan bäri bolsa iki ýurduň özara söwdasy geçen ýylyň degişli döwründäkiden 30 göterim ýokarlandy.

Taýýarlan: Salyhberdi MERDANOW, TDBGI-niň talyby.
Beýleki habarlar