Moto GP boýunça möwsümiň 6-njy ýaryşy Kataloniýa «Gran Prisi» Ispaniýanyň Montmelo şäherinde geçirilip, «Ducati Lenovo» toparynyň italýan sürüjisi Françesko Banaia ýeňiji boldy. Ol 24 aýlawy 40 minut 11,726 sekuntda tamamlap, möwsümdäki 3-nji, karýerasyndaky 21-nji ýeňşini gazandy. Ýaryşda ispaniýaly sürüjiler – Horge Martin («Prima Pramac»), Mark Markes («Gresini Racing») hem-de Aleiks Espargaro («Aprilia») 2–3–4-nji orunlary eýelediler. Esasy ýaryşdan öň geçirilen sprint bäsleşiginde ispaniýaly pilotlar – Aleiks Espargaro, Mark Markes hem-de Pedro Akosta («KTM Red Bull GasGas Tech3») öňdäki 3 orna mynasyp boldy. Sürüjileriň sanawynda Horge Martin 155 utuk bilen 1-nji orunda barýar. 2–3-nji orunlardaky Banaianyň 116, Markesiň 114 utugy bar. Möwsümiň 7-nji ýaryşy 2-nji iýunda Italiýanyň Florensiýa sebitinde geçiriler.