Zergärleriň bäsleşigi

29 Maý 2024
562

Änew şäherindäki Medeniýet öýünde “Zerim bar, zergärim bar, bagtyýar zamanam bar” atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariaty tarapyndan zergärçilik bilen meşgullanýan ildeşlerimiziň, edara-kärhanalaryň işgärleriniň, höwesjeň zenanlaryň we talyp ýaşlaryň arasynda yglan edilen bäsleşigiň nobatdaky tapgyryna ildeşlerimiz höwesli gatnaşdy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmeniň zergärçilik sungatynyň milli aýratynlygyny, zergärleriň milli mirasymyzyň gymmatlyklaryna sarpasyny açyp görkezmek, zergäriň döredijilik ukyp-başarnygyny ýüze çykarmak, zergärçilik sungatyna höwesini ýokarlandyrmak, şeýle-de ýaşlarda zähmetsöýerligi ösdürmek maksady bilen geçirilen bäsleşik şertleriň birnäçesinden ybarat boldy. Şoňa laýyklykda, bäsdeşler senetçiligiň nesilden nesle geçip gelýän däpleri, zergärçilik sungatyna degişli işleriň özboluşly aýratynlygy barada gürrüň berdiler, zergärçilik işiniň bir bölegini ýerine ýetirmekde başarnygyny görkezdiler, öz döreden zergärçilik işini labyzly okan goşgudyr gazalynyň, ýerine ýetiren aýdymynyň üsti bilen wasp etdiler.

Rüstem BERDIÝEW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň başlygynyň orunbasary.
Beýleki habarlar