Gadymy topragyň şöhraty

28 Maý 2024
492

Halkymyzyň aňyrsyna göz, tarypyna söz ýetmeýän baý taryhy, gaýtalanmajak medeni-mirasy, bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklary bar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda şöhratly taryhymyzyň şaýady bolan gadymy ýadygärliklerimiziň, milli medeniýetimiziň umumadamzat gymmatlygy hökmünde ykrar edilmegi ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar.

Taryhyň taryply ýollarynda möhüm orny eýeleýän gadymy Änew şäherimiziň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmak boýunça alnyp barylýan işleriň buşlukçysy bolup ýüreklere doldy.

Rozymuhammet ARTYKOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ýolöten etrap birleşmesiniň başlygy.
Beýleki habarlar