Mukaddes köpri

28 Maý 2024
703

Türkmen milli medeniýeti umumadamzat gymmatlygynda mynasyp orun alýar. Medeniýet halklaryň özara düşünişmeklerinde, ynanyşmaklarynda, ählumumy parahatçylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk etmeklerine ýardam berýär. Bu diplomatiýa hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň daşary döwletlere saparlarynyň çäklerinde geçirilýän medeni meýilnamalarda, dürli halkara forumlarda milli mirasymyzyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýan sergilerde, ýurduň medeni durmuşyndaky möhüm çäreleri halkara derejesinde belläp geçmekden başlap, däbe öwrülip galan medeni çärelere çenli dürli görnüşde ýüze çykýar. Şeýlelikde, medeniýet ulgamy halklaryň hem nesilleriň arasyndaky mukaddes köprä öwrülýär.

Ine, 17-nji maýda paýtagtymyzda beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guralan dabaralaryň çäginde geçirilen «Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi» atly maslahatda hem medeniýetleriň özboluşly sazlaşygy esasy ugur hökmünde öňe çykdy. Bu maslahata Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary hanym Şen Ýueýueniň ýolbaşçylygyndaky hytaý wekiliýeti gatnaşdy. Geçen ýylyň 18-nji oktýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň çakylygy boýunça «Bir guşak, bir ýol» III ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmagy bu ugurdaky özara hyzmatdaşlyga täze öwüşgin çaýypdy. Şol iş saparyň barşynda Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa hanym Şen Ýueýue bilen duşuşyp, hytaý halkynyň özboluşly medeniýeti, çeperçilik gymmatlyklary ýüpekden döredilen nagyşlar, senetçilik sungaty, saz gurallary bilen ýakyndan tanşypdy.

Oguljemal NURMYRADOWA,
«Ahal durmuşy».
Beýleki habarlar