Meşhurlyga eýe bolan eser

28 Maý 2024
414

Beýik britaniýaly ýazyjy Joan Roulingiň jadygöý oglanjyk — Garri Potteriň hem-de onuň dostlarynyň başdan geçirenleri baradaky eserler ýygyndysy dünýäde iň meşhur kitaplaryň biridir. Ýazyjy ýygyndynyň ilkinji kitabyny 1995-nji ýylda ýazyp tamamlady. Maglumatlara görä, 2018-nji ýyla çenli bu ýygyndy dünýäniň 80 diline terjime edilip, 500 milliondan gowrak nusgasy satylypdyr. Bu eserler ýygyndysy «Tiz wagtda satylan iň köp nusgaly kitap» hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyndan orun aldy.

Kitapda beýan edilýän Garri Potter hem-de onuň dostlary Ron Uizli we Germiona Greýnjer Hogwarts atly jadygöýler mekdebinde okaýarlar. Olar jadygöýligiň garaňky güýçlerine uýýan, hemmäni we jadyny öz hökmürowanlygyna geçirmek isleýän Wolan-de-Morta garşylyk görkezýärler. Eserde hyýaly dünýä, jadygöýler mekdepleriniň okuwçylarynyň arasyndaky bäsdeşlik, dostlaryň arasyndaky wepalylyk, agzybirlik, başarjaňlyk, ýaşlaryň durmuşy, ýamanlyk bilen ýagşylyk mowzugy ökdelik bilen açylypdyr.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Şanazar KADYROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar