Saza baglanan ömür

27 Maý 2024
472

Muhat aganyň özi bagşy ýa-da sazanda bolmasa-da, ol aýdym-sazyň ölemen aşygy. Onuň çagalarynyň ählisi diýen ýaly orta çykmasalar hem aýdym-sazdan habarly adamlar. Biz şu makalamyzda Muhat aganyň ogly Nury Muhadow barada söhbet etmegi makul bildik. Nury hem Bagyr obasynda ezber saz gurallaryny ýasaýan meşhur ussa Muhat agalaryň maşgalasynda 1924-nji ýylda dünýä inip, onuň çagalykdan gulagynyň ganany aýdym-sazyň şirin owazy bolýar. Munuň özi Nuryny heniz çagalykdan aýdym-sazyň jadylaýjy owazyna maýyl edýär.

Başyna baran işini soňuna çenli kemsiz ýerine ýetirmek Muhat aganyň endigi. Kakalarynyň bu endiginiň çagalaryna hemra bolmagy bilen, olaryň saýlap alan ugurlary boýunça tanalmagyna, ussat kompozitor bolup ýetişmegine itergi beripdir.

Pirmuhammet ÝALMANOW,
Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň sazyň taryhy we nazaryýeti bölüminiň mugallymy.
Beýleki habarlar