Zehin zehinden zyýada

27 Maý 2024
466

Golaýda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Güneş» žurnalynyň redaksiýasynyň, Bilim ministrliginiň hem-de Tebigaty goramak jemgyýetiniň bilelikde yglan eden «Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy, Gark bolmuş reýhana çöli türkmeniň» atly döredijilik bäsleşiginiň jemini jemlemek dabarasy geçirildi. Makala ýazmak we surat çekmek boýunça geçirilen bu bäsleşige Aşgabat we Arkadag şäherlerinden, ýurdumyzyň welaýatlaryndan döredijilige höwesli çagalaryň 100-den gowragy gatnaşdy.

Ýaş nesilleriň zehinini we ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmakda ähmiýetli bolan bu bäsleşikde Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyna, akyldar şahyryň türkmen tebigatyny wasp edýän şygyrlaryna aýratyn üns berildi. Eminler toparynyň netijeleri boýunça bäsleşigiň makala ýazmak ugrundan Arkadag şäherindäki 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň okuwçysy Aýnur Arçaýewa baş baýraga, Akdepe etrabyndaky 20-nji orta mekdebiň okuwçysy Leýlijemal Meretamanowa 1-nji orna, Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň okuwçysy Aýşa Muhammetalyýewa, Sarahs etrabyndaky 21-nji orta mekdebiň okuwçysy Aýzada Gadamowa 2-nji orna, Aşgabat şäherindäki 37-nji orta mekdebiň okuwçysy Aýmelek Şagulyýewa, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň okuwçysy Arslan Muhammedow hem-de Balkanabat şäherindäki 12-nji orta mekdebiň okuwçysy Resul Nazarow 3-nji orna mynasyp bolmagy başardylar.

«Nesil».
Beýleki habarlar