Halkara bäsleşigiň jemi jemlendi

27 Maý 2024
417

Öňňin Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda üç günläp dowam eden «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşigiň jemi jemlendi. Bäsleşikde daşary ýurtlaryň 9-syndan 11 sany ýokary okuw mekdebiniň 40-a golaý, ýurdumyzyň bilim ojaklarynyň 200-den gowrak talyplary we magistrleri özara bäsleşdiler.

Bäsleşige gatnaşyjylar ýekebara syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we taryhy-medeni ugurlardan test ýumuşlaryny, meseleleri çözmek, toparlaýyn görnüşde bolsa halkara gatnaşyklarda matematiki usullary ulanmak, matematiki modelirleme boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşigiň ýekebara görnüşinde türkmen talyplary altyn medallaryň 11-sine, kümüş medallaryň 34-sine, bürünç medallaryň 43-sine — jemi 88 medala mynasyp boldular. Toparlaýyn tapgyrda ildeşlerimiz 9 altyn, 15 kümüş, 24 bürünç medal eýelediler. Şeýle-de daşary ýurtly talyplar 15 medala mynasyp bolmagy başardylar.

Aýlar ATAJYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.
Beýleki habarlar