Göwünleriň eýesi

24 Maý 2024
407

■ Harplary tanadyp, hat ýazmagy öwreden ynsana ilkinji duýgularymy bir ýere jemläp, «Mugallymyma» diýen ýazgy bilen hat ýazypdym.

■ Elipbiýdäki harplaryň hersini aýratynlykda öwrenen günlerimiz «K» sesiniň şekilini çekmek maňa juda kyn düşüpdi. Emma siz meni şol harpy owadan ýazmaýandygymy aýdyp gynandyrmadyňyz-da, başgaça çemeleşdiňiz. Harplyk baýramynda «K» harp bolmagy maňa ynanypdyňyz. Köpçüligiň öňünde içinde «K» sesinden ybarat bolan sözleri biri-birine birikdirip aýtmagy başaran günüm onuň şekilini çekmegi-de öwrenipdim.

Gülnar GELDIMYRADOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby, «Nesil».
Beýleki habarlar