Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda türkmen halky täze umytlary we belent buýsançlary bilen ata Watanymyzy mundan beýläk-de gülletmek üçin bedew bady bilen öňe barýar. Jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda uly durmuş-ykdysady özgertmeleri amala aşyrylýar.
Bilim ulgamyny dünýä derejesinde döwrebaplaşdyrmaga, edebi mirasymyzy öwrenmäge, beden hem ruhy taýdan kämil, giň dünýägaraýyşly ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmäge uly ähmiýet berilýär.