Garaşylmadyk çempionlar

24 Maý 2024
399

Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty 1992-nji ýyl­da Şwe­si­ýa­da gu­ral­ýar. Oňa 8 topar gat­naş­ýar. «A» to­par­ça­da Şwe­si­ýa­nyň, Da­ni­ýa­nyň, Fran­si­ýa­nyň, Ang­li­ýa­nyň, «B» to­par­ça­da Ni­der­land­la­ryň, Ger­ma­ni­ýa­nyň, Şot­lan­di­ýa­nyň hem-de Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň ýy­gyn­dy­la­ry çy­kyş ed­ýär. Çem­pio­na­tyň baş­lan­ma­gy­na az wagt ga­lan­da, ýa­ryş­dan çy­ka­ry­lan Ýu­gos­la­wi­ýa­nyň or­nu­na ça­gy­ry­lan Da­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy çem­pio­nat­da ta­ry­hy ba­şar­nyk gör­kez­ýär. Ang­li­ýa bi­len deň­me-deň oý­nap, Fran­si­ýa­ny ýe­ňen Da­ni­ýa ýa­rym fi­nal­da Ni­der­land­la­ryň gar­şy­da­şy bol­ýar. 2–2 deň­lik­de ta­mam­la­nan oýun­da pe­nal­ti­ler­de 5–4 üs­tün çy­kan Da­ni­ýa fi­na­la ady­ny ýaz­dyr­ýar. Onuň fi­nal­da­ky gar­şy­da­şy Şwe­si­ýa­ny Hass­ler hem-de Rid­le­niň (2) gol­la­ry bi­len 3–2 ha­sa­byn­da ýe­ňen Ger­ma­ni­ýa bol­ýar. Fi­nal­da-da Da­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy Ger­ma­ni­ýa­ny Ýen­sen (18) hem-de Wil­for­tyň (78) gol­la­ry bi­len 2–0 ha­sa­byn­da ýe­ňip, ta­ry­hy çem­pi­on­lyk ga­zan­ýar.

4 ýyl­dan soň, ýag­ny 1996-njy ýyl­da çem­pio­nat il­kin­ji ge­zek fut­bo­lyň wa­ta­nyn­da – Ang­li­ýa­da ge­çi­ril­ýär. Çem­pio­na­ta gat­naş­ýan to­par­la­ryň sa­ny art­dy­ry­lyp, ol 16-a çy­ka­ryl­ýar. Ga­za­ny­lan ýeň­şe il­kin­ji ge­zek 3 utuk be­ril­ýär. Ang­li­ýa, Ni­der­land­lar, Şot­lan­di­ýa, Şweý­sa­ri­ýa (A), Fran­si­ýa, Is­pa­ni­ýa, Bol­ga­ri­ýa, Ru­my­ni­ýa (B), Ger­ma­ni­ýa, Çe­hi­ýa, Ita­li­ýa, Rus­si­ýa (C), Por­tu­ga­li­ýa, Hor­wa­ti­ýa, Da­ni­ýa, Tür­ki­ýe (D) döw­let­le­ri­niň ýy­gyn­dy­la­ry çy­kyş ed­ýär. Çär­ýek fi­nal­da Fran­si­ýa Ni­der­land­la­ry (0–0, 5–4 p), Çe­hi­ýa Por­tu­ga­li­ýa­ny (1–0, Po­bors­ki 53), Ger­ma­ni­ýa Hor­wa­ti­ýa­ny (Klins­mann 20 p, Sam­mer 59 – Şu­ker 51), Ang­li­ýa Is­pa­ni­ýa­ny (0–0, 4–2 p) ýeň­ýär. Ýa­rym fi­nal­da ýe­ňi­ji­le­ri pe­nal­ti ur­gu­la­ry kes­git­läp, Çe­hi­ýa Fran­si­ýa­dan (0–0, 6–5 p), Ger­ma­ni­ýa Ang­li­ýa­dan (1–1, 6–5 p) üs­tün çyk­ýar. «Wemb­ley» sta­dio­nyn­da­ky fi­nal­da Ger­ma­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy Ber­ge­riň go­ly bi­len (59 p) öňe ge­çen Çe­hi­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy­ny Oli­wer Bir­hof­fyň 73-nji hem-de 95-nji mi­nut­da­ky «Al­tyn go­ly» esa­syn­da 2–1 ýe­ňip, 3-nji ge­zek yk­ly­myň çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­ýar. Çem­pio­nat­da ang­li­ýa­ly Alan Şi­rer 5 gol ge­çi­rip, sa­naw­da iň öň­dä­ki or­ny eýe­le­ýär.

Beýleki habarlar