Angliýanyň «Premier Ligasynda» ýene-de soňky tapgyrda kesgitlenen çempionlygy bu gezegem «Mançester Siti» garşydaşlaryna aldyrmady. Ozal şeýle statistikany 4 gezek başdan geçiren «Mançester Siti» öz meýdançasynda «West Hamy» Fodeniň (2) hem-de Rodriniň gollary bilen 3–1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Garşydaşynyň öňe geçendigine garamazdan, 2–1 hasabynda ýeňiş gazanan «Arsenala» 89 utuk çempionlyk üçin ýetmedi. Şeýlelikde, «Mançester Siti» Angliýanyň 135 ýyllyk ýokary ligasynda yzly-yzyna 4 gezek çempionlyk gazanan ilkinji topar boldy. Bu «Mançester Sitiniň» soňky 7 ýylda 6-njy, umumylykda-da 10-njy çempionlygydyr. «Mançester Siti» bu ugurda 9 çempionlygy bolan «Ewertondan» öňe geçdi. «Mançester Sitiden» öňde «Arsenal» (13), «Liwerpul» (19) hem-de «Mançester Ýunaýted» (20) toparlary bar. Toparyň tälimçisi Pep Guardiola şäherlilerdäki 17-nji kubogyny gazanyp, APL-de 6-njy çempionlygyny baýram etdi.
Angliýanyň «Premier Ligasynda» 760 oýunda 1246 gol geçirilip (ortaça 3,28 gol), iň köp gol geçirilen möwsüm hökmünde hasaba alyndy. «Luton Tawn», «Börnli» hem-de liganyň taryhynda bir möwsümde iň köp gol geçirden topar hökmünde taryha giren «Şeffild Ýunaýted» aşaky liga düşen toparlar boldy. Olaryň üçüsi hem geçen tomusda «Premier Liga» çykypdylar we bir möwsümden soň aşaky liga düşdüler. APL-de şeýle waka 2-nji gezek hasaba alnyp, «Barnsli», «Bolton»,